ussat

[ussa:t]

Işini ökdelik bilen ýerine ýetirýän, işine türgen, işine ökde.

  • On barmagyň dürler dökýär reňbe-reň, Beýle ussat görmedim men saňa deň. (R. Seýidow, Eserler)

  • Gurçuk tutmagy ussat aýallara tabşyrmaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Martynow öz işine diýseň ussat we paýhasly adamdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ussat - ussady.