Bugdaý, arpa we ş. m. däne saklanýan çukur.
Gandym bäş düýe bugdaýy gazyp goýan urusyna guýdy-da, agzyny patladyp gömdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Obanyň belli-belli adamlarynyň parhawlary galladan dolup durýardy, urulary hem açylman ýatýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem ury - uruda, urular, urusy.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.