urunmak işlik

  1. Eliňi-aýagyňy silkip çabalamak, jan agyrysy sebäpli horluk çekmek.

    • Oglanyň ýagdaýy örän erbetdi, goltugymda iki ýana urunýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Bir zadyň ugrunda hars urmak, aladalanmak.

    • Nasosy işletjek bolup, ol uzynly gün urundy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Bagdan, kapasdan boşamaga ýa-da başga bir sebäbe görä howlukmak (Haýwan hakda).

    • Guş urunýar welin, bir zat gören bolmaga çemeli.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem urunmak - urnar, urnupdyr.


Duş gelýän formalary
  • urnaly
  • urnalyň
  • urnan
  • urnansoň
  • urnany
  • urnaý
  • urnup
  • urundy
  • urundygyça
  • urundym
  • urunma
  • urunmaga
  • urunmagy
  • urunmak
  • urunmakdan
  • urunmaklardan
  • urunmalary
  • urunmalaryň
  • urunmasydyr
  • urunsa-da
  • urunýan
  • urunýandyrlar
  • urunýar
  • urunýardy
  • urunýardylar
  • urunýarka
  • urunýarmyka
  • urunýaryn