urulmak u‧rul‧mak işlik

  1. Özüňi urdurmak, ýenjilmek.

    • Urulýan ýigidiň demi içine doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Urulmak, sögülmek, sütem içinde, Million gyzyl güller haýyp solýardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň üstünden kakylmak, ýepbeşlenmek.

  3. Atylyp ok degrilmek, tüpeňlenip öldürilmek, atylmak.

    • Howa söweşlerinde hem-de asmana atýan toplarymyzyň oky bilen duşmanyň 111 samolýoty urlup ýykyldy.

  4. Ýüklenmek, basylmak (Ýük hakda).

  5. Göçme manyda Käýelmek, ýazgarylmak, tankyt edilmek.

    • Ol felýetonda bir adamynyň ownuk-uşak kümsükligi, eliniň egriligi hemen onuň başga pis häsiýetleri berk urlupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem urulmak - urlar, urlupdyr.


Duş gelýän formalary
  • urlan
  • urlana
  • urlanda
  • urlandan
  • urlandygyna
  • urlandygyny
  • urlanlygy
  • urlansoň
  • urlany
  • urlanyna
  • urlanyň
  • urlar
  • urlarly
  • urlaryn
  • urlaýjak
  • urlup
  • urlupdy
  • urlupdyr
  • uruldy
  • uruldygy
  • uruldym
  • uruljagyndan
  • uruljagyny
  • uruljak
  • uruljakdy
  • uruljakdygy
  • uruljakdygyny
  • urulmaga
  • urulmagy
  • urulmagyna
  • urulmagyndan
  • urulmagyny
  • urulmak
  • urulmakdan
  • urulmaly
  • urulmalydyr
  • urulman
  • urulmandyr
  • urulmanyna
  • urulmasy
  • urulmasynyň
  • urulmazdy
  • urulmazlygyny
  • urulsa
  • urulsa-da
  • urulýan
  • urulýandan
  • urulýandygyna
  • urulýany
  • urulýanyny
  • urulýar
  • urulýar-da
  • urulýardy
  • urulýarka
  • urulýarlar