uruşmak işlik

  1. Sögüşip, ýakalaşyp dawa edişmek, jenjelleşmek.

    • Ol, çagalar bilen uruşýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Goşun jemläp başga bir döwletiň goşuny bilen ýaragly söweşmek, söweş etmek.

  3. Garpyşyp biri-birini pugta çeýnemek, dişleşmek (it we ş. m. haýwan hakda).

    • Şol bada-bat uruşmagyň ugrny bilmedik. It bularyň arasynda ýokdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Urmaga kömekleşmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem uruşmak - urşar, urşupdyr.