uruşdyrmak işlik

  1. Iki adamy biri-biri bilen sögüşdirmek, ýakalaşdyrmak, jenjelleşdirmek.

  2. Gižželäp, gep berip, iki döwleti ýaragly çaknyşdyrmak, biri-biriniň garşysyna göreşdirmek, söweşdirmek.

    • Çemberlen Mýunhende utduranlaryny Moskwada utmak, ruslar bilen germanlary uruşdurmak isledi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Garpyşdyryp göreşdirmek, garpyşdyrmak (Mal, haýwan hakda).

  4. Birnäçe zady yzly-yzyna urup, saýgylap çykmak.

    • Ol uruşdyryp gelşine onuň çarygynyň apgyrdyndan basdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)