Sögüşik, ýakalaşyk bilen ýüze çykýan dawa, jenjel.
Urşuň geňeşi ýok. (nakyl)
Uruş, sögüş, emma ýaraşyga ýer goý. (nakyl)
Döwletler arasyndaky ýaragly söweş, ýaragly göreş.
Emma weli, täze uruş tehnikasyny öwrenmek biraz kyn degdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Nädogry syýasata, zyýanly däp-dessura garşy metbugat üsti bilen alnyp barylýan iş, öwüt-nesihat, göreş.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem uruş - urşum, urşuň, urşy.
Bir ýurduň içindäki jemgyýetçilik synplaryň arasyndaky ýaragly söweş, ýaragly göreş.
Çary Pökgeniň graždanlyk urşuna hem gatnaşan köne bolşewikdigini görkezdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)
Ol garry graždanlyk urşuna hem gatnaşypdyr.
Söweşiň, urşuň gidýän ýeri.