urmak ur‧mak işlik

  1. Bir zady batly degrip agyra sezewar etmek, urgy täsirini ýetirmek, ýençmek.

    • Ertesi irden Gurdy soraga alyp gitdiler. Ondan hiç bir soraga jogap ýokdy. Soň ony urmaga başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol garagulak bilen başa-baş urşup, taýak bilen ony gaty urdy. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Sorap berenden, urup ber. (nakyl)

  2. Bir zadyň üstünden kakmak, ýepbeşlemek.

    • Naçalnik ýumrugyny stola uranda, bir ýany gyzyl, bir ýany ýaşyl galam towsup pola düşdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  3. Atyp oky degirmek, oky belli bir nyşana degirmek, atmak.

    • Topragynda tozdur, gözünden urgun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Hawa, atyp bilýän, men tüpeň atyp guş hem urdum. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Bir ýerden batly akmak (suwuklyk hakda).

    • Fontan urýan.

  5. Özüňi bir zadyň içine oklamak, batly girip gitmek.

    • Tutulan adam böküp turdy-da, özüni gyrymsy agaçlaryň arasyna urdy. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Bular tiz tokaýa urup geçelgä baka gitdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Urşujylar güýzüň sowuk suwuna urdular. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  6. Ýüklemek, basmak (ýük hakda).

    • Maşyna iki tonna sazak urduk. Kim düýä, kim ýaba, hatda käbiri äwmezek öküze-de ýük urýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  7. Tankyt etmek, kemçiligini aýtmak.

  8. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereketi aňladýar.

    • Gep urmak, sowuk urmak, azm urmak we ş. m.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem urmak - urdum, urduň, urupdyr.


Duş gelýän formalary
  • uraly
  • uralyň
  • uramok
  • uran
  • urana
  • uranam
  • uranda
  • urandan
  • urandygy
  • urandygymy
  • urandygyna
  • urandygyny
  • urandyr
  • uranlar
  • uranlary
  • uranlarym
  • uranlaryna
  • uranlarynda
  • uranlaryndan
  • uranlaryny
  • uranlygy
  • uranmy
  • uranmyş
  • uranok
  • uranokdy
  • uranoklar
  • uransoň
  • urany
  • uranym
  • uranymy
  • uranynda
  • uranyndan
  • uranyny
  • uranyň
  • uranyňda
  • uranyňdan
  • uranyňyzy
  • urar
  • urar-da
  • urardy
  • urardyk
  • urardylar
  • urardym
  • urarlar
  • urarly
  • urarlyk
  • urarmy
  • urarsyň
  • urarsyňyz
  • uraryn
  • urarys
  • urasy
  • urasym
  • uraý
  • uraýan
  • uraýdy
  • uraýjak
  • uraýmakdan
  • uraýmaly
  • uraýmasaň
  • uraýsa
  • uraýsalar
  • uraýsyn
  • uraýyn
  • uraňok
  • urdugy
  • urdugyň
  • urduk
  • urdukça
  • urdular
  • urdularmy
  • urdum
  • urdummy
  • urduň
  • urduň-da
  • urduňyzmy
  • urdy
  • urdy-da
  • urgun
  • urjagam
  • urjagym
  • urjagymy
  • urjagyna
  • urjagyny
  • urjagyňy
  • urjak
  • urjakdy
  • urjakdym
  • urjakdyr
  • urjaklara
  • urjaklygy
  • urma
  • urma-da
  • urmady
  • urmadygy
  • urmadyk
  • urmadyň
  • urmaga
  • urmaga-da
  • urmagy
  • urmagym
  • urmagyn
  • urmagyna
  • urmagynda
  • urmagyndan
  • urmagynyň
  • urmagyň
  • urmagyňy
  • urmajagymyň
  • urmak
  • urmakda
  • urmakdan
  • urmakdyr
  • urmaklary
  • urmaklyga
  • urmaklygy
  • urmaklygyň
  • urmaklyk
  • urmakçy
  • urmalary
  • urmaly
  • urmalydygyny
  • urmalydyrlar
  • urmalymy
  • urmalyň
  • urman
  • urmandy
  • urmandyr
  • urmansyň
  • urmany
  • urmanyň
  • urmarsyň
  • urmaryn
  • urmasa
  • urmasam
  • urmasaň
  • urmasy
  • urmasyn
  • urmasyna
  • urmasynam
  • urmasyny
  • urmasynyň
  • urmaz
  • urmazdan
  • urmazdy
  • urmazdyk
  • urmazlyga
  • urmazlygyna
  • urmazlyk
  • urmazyndan
  • urmaýan
  • urmaýar
  • urmaýarlar
  • urmaň
  • urmuş
  • ursa
  • ursa-da
  • ursady
  • ursak-da
  • ursalar
  • ursalaram
  • ursam
  • ursana
  • ursaň
  • ursaňam
  • ursaňyz
  • ursun
  • ursunlar
  • urubam
  • urup
  • urupdy
  • urupdylar
  • urupdyr
  • urupdyr-da
  • urupdyrlar
  • urupdyryn
  • uruplar
  • urupmy
  • urupsyň
  • urupsyňyz
  • uruň
  • urýan
  • urýana
  • urýanam
  • urýandygy
  • urýandygyna
  • urýandygyny
  • urýandyklaryny
  • urýandyr
  • urýandyryn
  • urýanlar
  • urýanlaram
  • urýanlary
  • urýanlaryň
  • urýanlygy
  • urýanlygyny
  • urýanyna
  • urýanyndan
  • urýanyny
  • urýanyňy
  • urýanyňyz
  • urýanyňyzy
  • urýança
  • urýar
  • urýar-da
  • urýardy
  • urýardylar
  • urýardyňyz
  • urýarka
  • urýarlar
  • urýarmy
  • urýarsyň
  • urýarsyňyz