un

[u:n]

Arpa, bugdaý we ş. m, galla dänelerinden üwelip alynýan poroşok görnüşindäki önüm.

  • Dulunda çuwal dolup duran uny bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem un - unum, unuň.

bir sanaç uny artyk iýmek

Uly ýaşly bolmak, özüňden kiçilere görä köp bilmek.

  • Garry, sen menden bir sanaç uny artyk iýensiň, sen ýagşa-ýamana düşünmelisiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • una
  • unady
  • unam
  • unda
  • undaky
  • undan
  • undy
  • unlar
  • unlara
  • unlary
  • unlaryndan
  • unlaryny
  • unlarynyň
  • unlaryň
  • unluk
  • unlukda
  • unly
  • unum
  • unumy
  • unumyz
  • unumyzam
  • unun
  • ununa
  • ununda
  • unundan
  • ununy
  • ununy-da
  • ununyň
  • unuň
  • unuňda
  • unuňky
  • unuňy
  • unuňyzam
  • uny
  • unça