umytsyzlyk u‧myt‧syz‧lyk at

[umy:tsyzlyk]

Näumytlyk, tamasyzlyk, ynamsyzlyk.

  • Käte göwni geçip onuň özünden, Umytsyzlyk duýlar her bir sözünden. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Emma ony ugradanlaryň köpüsi onuň bu gidip barşyna umytsyzlyk bilen garaýardylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Onuň ejesiniň gözlerinden umytsyzlyk garaňkysy zogdurylyp çykýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem umytsyzlyk - umytsyzlygy.


Duş gelýän formalary
  • umytsyzlyga
  • umytsyzlygy
  • umytsyzlygyny
  • umytsyzlygynyň
  • umytsyzlykdyr