umytlylyk at

[umy:tlylyk]

Bir maksadyň şowly çykmagyna we ş. m. umyt baglamaklyk, tamallylyk, ynamlylyk.

  • Bibigülüň sözlerinde umytlylyk aňlanýardy. (Ýe. Žawaronkow, Täze Ýerde)

  • Gözel eje umytlylyk bilen ýylgyrsa-da, eýýäm onuň ýüreginde ýaryşyň galpyldysy gopup başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem umytlylyk - umytlylygy.