umyt at

[umy:t]

Bir maksadyň amala aşmagyna bolan isleg, tama, arzuw.

  • Göwnümde ullakan bir umyt bardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Çykmadyk janda umyt bar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem umyt - umydy.

umydyny üzmek

Tama etmegi bes etmek, netije boljagyna ynam etmezlik.

  • Tilki derrew umyt üzdi janyndan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Wepa Keljeden umyt üzüp, öz bölümine tarap gitdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

umyt baglamak

Ynam etmek, bir zada ynam bilen garaşmak, tama etmek.