umumy

[umu:my]

  1. Hemmelere degişli bolan, hemmeler üçin bolan.

    • Klubda umumy ýygnak boljak. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýönekeý, mesaýy.

    • Aslynda meniň umumy ýasama bezeglere nähili ýigrenji garaýanymy özüň gowy bilýärsiň. (A. Gowşudow, Eserler)

  3. Özara edilýän, bilelikde edilýän, özara.

    • Nahar iýilýän wagtda umumy gürrüň gidýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)