uly sypat

  1. Kiçi däl, göwrümi, gabarasy ullakan, gaba.

    • Bu zatlaryň şkafyň uly gözüne salaýsa, ulus-il rahat.

  2. Özüňden ýaşy ýokary bolan.

  3. Has aýratyn ähmiýeti bar bolan, has aýratyn ähmiýete eýe bolan.

    • Işiň ulusy öňde. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Bir kiçijik oglan şeýle uly iş bitiripdi -- diýip, il içine dabara düşüp, uly ile ýaýrady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Göçme manyda Ýolbaşçy, serdar.

    • Uludan uly bar diýipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Batly, güýçli.

    • Birdenkä güýçlenip, uly ýel boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Onuň ýüreginde uly joşgunlar möwç urýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Ol öýden çykýardy uly zenzele. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem uly - uluda, ulular, ulusy.

ula gitmek (goýbermek)

Ýaryşda iň uly baýraga atyňy goşmak.

  • Ýygymçylar edil atlaryny ula goýberen ýaly, tabelçä garaşyp durdular. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ula turmak

Göreşde atly pälwanlar bilen göreşmek, ilki dördüň biri bolmak.

uludan dem almak

seret dem

  • Uludan dem alýar, kellesin ýaýkap. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)