ulumsylyk u‧lum‧sy‧lyk

Ulumsa has bolan gylyk, köpbilmişlik, gedemsilik.

  • Nursoltan ulumsylyk bilen gursagyny gaýşardyp ýöreýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Men ulumsylygy halaýan däldirin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Seniň ulumsylygyň gopbamsyramagyň hiç kime geregi ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ulumsylyk - ulumsylygy.


Duş gelýän formalary
  • ulumsylygy
  • ulumsylygym
  • ulumsylygymy
  • ulumsylygyndan
  • ulumsylygyny
  • ulumsylygyň
  • ulumsylykdan
  • ulumsylykdandyr