ulumsy

Özüni köpbilmiş saýýan, özüni hondan bärsi hasaplaýan, adama göwni ýetmeýän, gedemsi (adam hakda).

  • Ylýas töre eýwana çykdy-da, ulumsy garaýyş bilen töweregine göz gezdirdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Gowşut hanyň Gylyç diýen ulumsy bir geňeşdary bolan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Hawa, biz dogrudan hem ulumsy bolupdyrys. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)