ullakan

[ullaka:n]

  1. Kiçi däl, gabarasy, göwrümi uly bolan.

    • Tyçenkonyň ýanynda ter gara sakgally, ullakan gara gözli, orta boýly, peşeneli, tutuş bir türkmen bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ullakan ýaglygyň dört burçy biri-birine zordan ýetýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ägirt uly, ep-esli, köp.

    • Onuň maşgala durmuşynda hem ullakan özgeriş bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Ähmiýetli, peýdaly.