ulamak işlik

  1. Ujuny birikdirip uzaltmak, biri-biriniň ujuna berkitmek, biri-birine utgamak, sapmak.

    • Birnäçe guýynyň turbasyny ulap goýberseň, biziň obamyza baryp ýetjek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir gürrüňiň yzyna başga gürrüň goşmak, pikiri biri-birine baglamak.

    • Garaz, yzy netijesiz gürrüňi gürrüňe ulap, agyr märeke aç-suwsuz eplenişip, uzyn gününi geçirdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • ulagyn
  • ulam
  • ulama
  • ulamaga
  • ulamagy
  • ulamajak
  • ulamaklyk
  • ulamalar
  • ulamalary
  • ulamalaryny
  • ulamalarynyň
  • ulamalaryň
  • ulamalyk
  • ulamany
  • ulamanyň
  • ulamasy
  • ulan
  • ulanda
  • ulandan
  • ulandy
  • ulandyk
  • ulany
  • ulanynda
  • ulanyň
  • ulap
  • ular
  • ulardan
  • ularlar
  • ulary
  • ulaý
  • ulaň