ulaltmak u‧lalt‧mak işlik

  1. Gabarasyny, göwrümini artdyrmak.

  2. Idedip ösdürmek, ösdürip ýetişdirmek, kemala getirmek.

    • Göwsümden süýt berip ulaltdym seni. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Han-ha, allanäme, otyr öýünde, ogluny ulaltmak diňe küýünde. (A. Kekilow, Söýgi)

  3. Derejesini wezipesini galdyrmak.

    • Şeýdip wezipesin ulaltjakmyşyn, Ýaranjaň göwnüni gomaltjakmyşyn. («Tokmak» žurnaly)

  4. Üstüne goşmak, köpeltmek, artdyrmak.

    • Şol sözi ulaldyp aýdany ýadyna gelende, Aýsoltanyň özi hem ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ol bolan wakany ulaldyp gürrüň berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ulaltmak - ulaldýar, ulaldar, ulaldypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ulaldan
  • ulaldana
  • ulaldanok
  • ulaldar
  • ulaldarlar
  • ulaldasym
  • ulaldaýmasyn
  • ulaldyp
  • ulaldypdyr
  • ulaldypdyrlar
  • ulaldyň
  • ulaldýan
  • ulaldýandyklary
  • ulaldýandyr
  • ulaldýar
  • ulaldýarlar
  • ulaldýarmy
  • ulaldýarys
  • ulaltdy
  • ulaltdylar
  • ulaltdym
  • ulaltjak
  • ulaltma
  • ulaltmaga
  • ulaltmagy
  • ulaltmagyň
  • ulaltmak
  • ulaltmaklyga
  • ulaltmaklygy
  • ulaltmaklyk
  • ulaltmalar
  • ulaltmalary
  • ulaltmalaryň
  • ulaltmaly
  • ulaltman
  • ulaltmana
  • ulaltmany
  • ulaltmanyň
  • ulaltmazdan
  • ulaltmaýar
  • ulaltsa
  • ulaltsak
  • ulaltsalar