ulalmak işlik

  1. Gabarasy, göwrümi artmak.

    • Derek ulalypdyr we ösüpdir. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Ösüp ýetişmek, kemala gelmek, ösmek.

    • Iki aýlygyndan beýläk ene süýdüni emmän, biziň ýaslimizde ulaldy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  3. Işçi güýji, iş funksiýasy we ş. m. artmak, giňelmek.

    • Kolhoz näçe ulalsa, güýjimiz hem şonça artyk bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Derejesi, wezipesi galmak.

  5. Göçme manyda Ulumsy bolmak, gopbamsy bolmak.

    • Indi bolsa biz ulalypdyrys, hawa, biz dogrudan hem ulumsy bolupdyrys. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)