ulaşdyrmak işlik

  1. Biri-birine baglaşdyrmak, biri-birine utgaşdyrmak, sapyşdyrmak, birleşdirmek.

    • Emma ynha Amyderýany Mara getirip ulaşdyrjak, onsaň ony hem Tejene ulaşdyrjak diýen gürrüňiňize men «hä» diýerin, ine onyňyz boljak zat, ol akylyňyza berekella! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Sezewar etmek, duçar etmek, uçratmak.

    • Pelek meni derde ulaşdyrypdyr, Basyp gam laýyna bulaşdyrypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Gürrüňi, pikiri, yzygiderli we manyly beýan etmek, biri-birine baglaşdyrmak.