ugursyz sypat

  1. Manysyz, netijesiz, biderek, ähmiýetsiz, bolgusyz.

    • Men onuň bilen gürrüňdeş bolamda, tapýan delillerini ugursyz gördüm-le! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Soň bolsa ugursyz bir zada gahary gelip, eline ilen zatlary gaýgyrman salyp ugrap barýan baý ogly Mommat hem geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Özbaşdak pikiri bolmadyk, bolgusyz geplilik, durnuksyzlyk.

    • Aý ol-a bir ugursyz adam eken!