ugur at

  1. Uzalyp gidýän zadyň boýdan-başy, tutuş boýy.

    • Jigi jan, ýol ugrundan sowarak duraweri! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bu köçeleriň ugrundaky täze tipde salnan gündüz ýaly ak jaýlar kolhoz obasynyň görküne görk goşýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Usul, tär, ýol, emel, ýagdaý.

    • Olaryň her haýsy bilen gürleşmegiň bir ugry bar. («Sowet Türkmenistanynyn Aýallary» žurnali)

  3. Garyndaşlyk topary, tarapy.

    • Ol biziň daýy ugrumyz bolmaly. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  4. Jemgyýetçilik, ylmy we ş. m. akym.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ugur - ugrum, ugruň, ugry.

ugruna çykmak

Biriniň ýa-da bir zadyň aladasyny etmek.

  • Daň bilen turup nahar ugruna çykdylar, birnäçeleri bolsa mallara seretmegä başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ugruna kowmak

Diýeni, edeni bilen razylaşmak, tersine gaýtmazlyk, özbaşyna goýbermek.

  • Bu örän owadan, owadanyň-da owadany! -- diýip, onuň ugruma kowmagy meni hem götergiledi. («Tokmak» žurnaly)

ugruna sürmek

Göwnünden turmak, diýenini edip, aýdanyna däl diýmezlik.

ugruňy ýitirmek

Etjek işiňi bilmän aljyramak, durmuşda azaşmak.

  • Ýitirdim ugrumy, ýokdur kararym. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

ugry bar bolmak

Biri ýa-da bir zat barada aýdylýan gürrüňiň jany bar bolmak, delile dogry gelmek.

  • Dogry, siziň aýdanlaryňyzyň hem bir ugry bar bolmagy mümkin!

ugryny tapmak

  1. Bir zadyň tärini bilmek.

    • Derrew ugruny tapdy-da, ony possowetiň garamagyndaki çagalar bagynyň buhgalteri edip geçirdi. («Tokmak» žurnali)

  2. Biri bilen umumy dil tapmak, göwnüni tapmak.

ugur almak

  1. Işiň şowuna bolmak.

  2. Rowaç almak.

    • Ýöne welin, iň ilki onuň özüni çagryp getirsek, şonda iş örän ýagşy ugur alardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Görelde almak, ugrukmak.

ugur haýyr bola!

«Işiňiz şowuna düşsün, rowaç alsyn, nirä barýarsyňyz» diýen manyda.

  • Myrat olary görüp: -Ýeri dostlar, ugur haýyr bola! -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)