ugratmak işlik

  1. Ýola salmak, ýola gönükdirmek, ýola rowana etmek.

    • Bulary ugratmak üçin Aman poşy geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Olaryň daşyndan-da öz ogullaryny, atalaryny ugratmaga gelen hossarlary kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Hat we ş. m. zady birine ibermek, bir ýere ýollamak, göndermek.

    • Ýüki ugratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ugratmak - ugradýar, ugradar, ugradypdyr.