uçmak uç‧mak işlik

  1. Ganat ýaýyp howa göterilmek, asmanda gaýmak (guş we ş. m. hakda).

    • Bilbil ýaly gülden-güle uçdum men. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Bagyny terk eder, bilbiller uçar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Samolýota münüp, howa galmak, bir ýaňa gitmek, ugramak.

    • Nurmyrat Moskwa uçmaly boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Birden bir zadyň bir ýeri döwlüp gaçmak.

    • Indi bolsa gamşy elleseň, bognundan uçup dur. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Men bar agramymy atan wagtym üç sany uguň başy jorta uçupdyr-da, aşak gaýdypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  4. Hiňňildige münüp, ikiýanlaýyn bat almak.

    • Geçen gurbanlykda Meýdan, Gelip hiňňildikde uçupdy. (Çary Aşyr, Powestler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem uçmak - uçdum, uçduň, uçupdyr.

göwnüň göge uçmak

seret göwün

guşy uçmak

seret guş

  • Başgalaryny ýazmaly bolan-da-ha guşuň uçýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

jorta uçmak

Birden döwülmek.

kelläňden uçmak

seret kelle

  • Ikinji biri bolsa: --Ýeri, seniň huşuň kelläňden uçdumy diýsene, heý gaýnan süýdi ýaş çaganyň ýanynda goýarlarmy?! -- diýip käýindi. (A. Gowşudow, Eserler)


Duş gelýän formalary
  • uçaly
  • uçam
  • uçamok
  • uçan
  • uçanam
  • uçanda
  • uçandan
  • uçandygyny
  • uçandyklaryny
  • uçandyr
  • uçanlarynda
  • uçanlaryň
  • uçanmy
  • uçansoň
  • uçany
  • uçanym
  • uçanyna
  • uçanyndan
  • uçanyny
  • uçanyň
  • uçar
  • uçar-da
  • uçara
  • uçarda
  • uçardan
  • uçardy
  • uçardylar
  • uçardym
  • uçarlar
  • uçarly
  • uçarsyň
  • uçarsyňyz
  • uçary
  • uçaryn
  • uçaryna
  • uçaryndan
  • uçaryny
  • uçarysmy
  • uçasy
  • uçasym
  • uçaýjak
  • uçaýmasalar
  • uçaýmasynlar
  • uçaýsam
  • uçaýyn
  • uçduk
  • uçdular
  • uçdum
  • uçdumy
  • uçdy
  • uçdy-da
  • uçgun
  • uçjaga
  • uçjagyna
  • uçjak
  • uçjakdyk
  • uçjakdyklaryny
  • uçma
  • uçmady
  • uçmadyk
  • uçmadyklaryň
  • uçmadym
  • uçmaga
  • uçmagam
  • uçmagy
  • uçmagyna
  • uçmagynda
  • uçmagyny
  • uçmagyň
  • uçmajak
  • uçmak
  • uçmaklyga
  • uçmaklygyň
  • uçmakmy
  • uçmakçy
  • uçmaly
  • uçmalydy
  • uçmalydygyna
  • uçmalydym
  • uçmalydyr
  • uçmalymy
  • uçman
  • uçmandyryn
  • uçmanmy
  • uçmany
  • uçmanyň
  • uçmasam
  • uçmasaň
  • uçmasaňyz
  • uçmasyn
  • uçmazyndan
  • uçmaýan
  • uçmaýandygyny
  • uçmaýar
  • uçsa
  • uçsa-da
  • uçsadym
  • uçsak
  • uçsalar
  • uçsam
  • uçsaň
  • uçsaňam
  • uçsun
  • uçup
  • uçupdy
  • uçupdyr
  • uçupdyr-da
  • uçupmy
  • uçupsyňyz
  • uçuň
  • uçýan
  • uçýandygy
  • uçýandygyna
  • uçýandygyny
  • uçýandygynyň
  • uçýandyklaryna
  • uçýanlara
  • uçýanlary
  • uçýanlygyny
  • uçýanyny
  • uçýar
  • uçýardy
  • uçýardylar
  • uçýarlar
  • uçýaryn
  • uçýarys