uçlamak işlik

[u:çlamak]

  1. Piläni gyzgyn suwda gaýnadyp ýüpegiň ujuny almak, ýüpegiň ujuny çykarmak.

    • Tabşyrygy 215 prosent ýerine ýetirip, 264 kilogram uçlamagyň deregine 569 kilogram pile uçlapdyr. (K. Işanow, Watan üçin)

  2. Bir zadyň ujuny ellemek, ujundan tutmak.

    • Togalak aksakgal sakgalyny uçlap başyny ýaýkady, adamlara bakan gözüniň agyny oýnadyp, mähribanlyk bilen sözledi. (Aýbek, Nowaýy)

    • Aýlar ony synlap golun uçlady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)


Duş gelýän formalary
  • uçlady
  • uçlamagyň
  • uçlap
  • uçlapdyr
  • uçlar
  • uçlara
  • uçlarda
  • uçlardan
  • uçlary
  • uçlaryn
  • uçlaryna
  • uçlaryndan
  • uçlaryny
  • uçlaýyn