uçgun

Ýanýan zadyň howry bile howa göterilýän ot ýaly ownuk bölejikler.

  • Gandym kömri köräp dumly-duşa uçgunlar syçraýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýene dumly-duşa uçgunlar syçraýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

uçgun ýapyşdyrmak

Ýanyny gyzdyrmak, gaharyny getirmek, jibrindirmek.

  • Aýsoltanyň igenji Potda täsir etmän, gaýta onuň gury gowuna uçgun ýapyşdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)