uçganaklamak işlik

  1. Uçganaklar gaýmalaşmak.

    • Jülgäniň hemme ýerinde gar uçganaklaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Silkinjiräp bökjeklemek, galpyldyly hereketde bolmak.

    • Uçganaklap duran mele atyň üstünde oturan Baýly: -- Armaweriň, gyzlar! -- diýip, pagta ýygyp ýören gyzlara gygyrdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

göz uçganaklamak

seret göz

  • Ýaý ýaly egrelen garry aýalyň, ölügsi gözleri uçganaklady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Ejegyzyň güler ýüzüne seredip, uçaganaklap duran gara gözüne gözüni dikdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • uçganaklady
  • uçganaklamak
  • uçganaklamasyny
  • uçganaklan
  • uçganaklany
  • uçganaklap
  • uçganaklar
  • uçganaklary
  • uçganaklaryna
  • uçganaklaýan
  • uçganaklaýardy