at

[u:ç]

Bir zadyň haýsy hem bolsa bir gutaran ýeri, çowy.

  • Orazgül gyňajynyň ujy bilen gözýaşlaryny süpürdi we howlynyň işigini açdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol Günüň ýakyp barýan howrunyň soganlaryň ýaşlarynyň uçlaryny çowlandygyny gördi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Ýüpüň iki ujuny deňläp, bükdürmäge başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uç - ujum, ujuň.

aňry ujy

Eger mümkinçiligi, ýagdaýy bolsa mümkin gadar.

dil ujundan

seret dil2

  • Aý, men saňa muny ýöne dil ujundan aýdaýýan!

dili ujunda

seret dil

  • Öz işi bilen meşgul Baýberdi aýalyna aýtjak zadyny hiç unudasy gelmeýän ýaly diliniň ujunda saklaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

el ujundan etmek

seret el

  • Ol maşyndan ýük düşürmäge we goşlary goýuşdyrmaga el ujy bilen kömek berip duran ýerinden gülküli bir hekaýany aýdyp berdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

janyň ujy

seret jan

  • Ýorunja suwarmak janyň ujy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

kelebiň ujuny ýitirmek

seret kelep

  • Men-ä kelebimiň ujuny ýitirendirin! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)