tuty

  1. Iki aralyga tutmak üçin birnäçe in matadan tikilen enjam.

    • Gelni tutynyň aňyrsyna saldylar.

  2. Bir zadyň öňüne tutulýan perde.

    • Orazly penjiräniň ýukajyk akja tutusyny iki ýana serpip seretdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Aýnalaryň tutlary arzan baha matalardandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem tuty - tutuda, tutular, tutusy.