tutuk

  1. Ýüzi salyk, tukat, gaýgyly, gamgyn.

    • Ol indi öňküsi ýaly tutuk we tukat däl-de, şadyýandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Onuň ýüzi ýene-de tutuk, gaşlary çytyk. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Açyk däl, bulutly, gamaşyk (Howa hakynda).

    • Tutuk howada göze görünmeýän Amyderýanyň kuwwatly demi ýüzüňe urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Aýdyň, açyk däl, öçügsi.

    • Birden şol ýap tarapdan tutuk we güýçli hyrryldy eşidildi. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tutuk - tutugy.