tutmak işlik

  1. Bir zady ellemek, el bilen saklap durmak, birine ýa-da bir zada el bilen ýapyşmak.

    • Boýnumyň çykan ýerinden tutdy-da, ýokaryk galdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Gamşy gowmak tutsaň, eliňi gyýar. (nakyl)

  2. Ele düşürmek, ele salmak, aw ýa-da olja hökmünde almak.

    • Bu günki ýörüşde ýylan we leňňeç tutdy. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Deňze belet bolmaklygyň hem balyk tutmakda uly peýdasy bar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. Gurşap almak, örtmek, büremek, eýelemek.

    • Onuň bütin kellesini baş tutupdyr. (A. Gowşudaw, Köpetdagyň eteginde)

    • Bolçanka keseli bilen kesellän adamyň tenini ýara tutýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Stansiýanyň uly bölegini nar agaçlary tutýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

    • Asmanyň ýüzüni bulut tutdy.

  4. Bir zadyň ugruny başga tarapa sowmak, öwürmek.

    • Öý eýesi aýal ölügsi çyrany alyp, içki öýe tutdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Hakyna, kireýine almak, hakyna, kireýine işletmek.

    • Sen, bar-da, iki sany paýtun tut! (M. Ibrahimow, Ol gün Geler)

  6. Tussag etmek, azatlykdan mahrum etmek, gabamak.

  7. Bina etmek, gurmak, salmak.

    • Heleý, men seniň üstüňe ak öý tutjak bola-bola şu güne çenli tutup bilmän, hemişe seniň ýanyňda dili gysga bolup gelmegimden, ine indi şu gün, altmyş ýaşymdan soň gutulyp bildim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  8. Asmak, germek, örtmek.

    • Jeren öýüň aýnalaryna perde tutdy.

  9. Geýime parawuz çekmek.

  10. Birini bir zadyň üstünde ele salmak, üstüni açmak, syryny bilmek.

  11. Dolmak, ýaýramak, ýanlanmak.

    • Şowhunly sesler klubuň içini tutdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Aýdym-saz owazy älemi tutdy. (B. Seýtäkow, Senemiň Söýgüsi)

  12. Idetmek, saklamak.

    • Gurçuk tutmagy ussat aýallara tabşyrmaly. (A. Gowşudaw, Köpetdagyň eteginde)

  13. Bir ýerde ornaşmak, ýerleşmek, ýaşamak.

    • Bu ýerde bilbiller hem meken tutar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  14. Biri-birine sepleşmek, ýapyşmak, ýelmeşmek.

    • Bukjany öňküsi ýaly ýelmejek boldy, emma öňküsi ýaly ýelim tutmady. (A. Gowşudaw, Köpetdagyň eteginde)

  15. Bir zat üçin häzirlik görmek, taýýarlyk görmek.

    • Şaýyňy tut, ýör gideli! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  16. Özüňi bir hili alyp barmak, gyraklaşmak, çetleşmek.

    • Soňky wagtlarda sen beýlekilere goşulmaýarsyň, özüňi çetde tutýarsyň. («Mydam Taýýar» gazeti)

  17. Suwarmak, suw goýbermek.

    • Suw tutmagyň täze ýolun öwrendi, şol hakda ylmy iş ýazyp ýör indi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  18. Gezemek, çenemek, gönülemek.

    • Garawul görnen gara tüpeň tutdy.

  19. Biriniň işini, kärini dowam etmek, alyp barmak.

    • Gämide ýerimi tutjak atam bar. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem tutmak - tutdum, tutduň, tutupdyr.

arkasyny tutmak

seret arka1

  • Seniň arkaňy tutasym gelmeýär. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Näme üçin geolog hem onuň arkasyny tutýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

at tutmak

Ýatlamak, agzamak.

  • Bu gelniň adyny kolhozçylar hormat bilen tutýarlar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

bisarpa tutmak

Aýawsyz saklamak, tygşytsyz sarp etmek.

düýbüni tutmak

Düýp.

  • Biziň partiýamyzyň düýbüni tutujy. W. I. Lenin G. W. Plehanowyň ýalňyşlaryny, azaşmalaryny tankytlady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Häzir biz uly depgin bilen täze hasylyň düýbüni tutýarys. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

düýp tutmak

seret düýp

eli galam tutmak

Hat ýazyp okap bilmek.

  • Näme, aýallaryň eli galan tutýany ýokmy?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

eli ýarag tutmak

seret el

  • Eli ýarag tutan watan goragyna at goýdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

eňek tutmak

seret eňek

  • Özüniň bir eňegini tutýan bu garrynyň gürrüňine gidip, ýekeje oglumyň patasyny almadym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

eziz tutmak

seret eziz

  • Biz seni öz balamyzdan eziz tutýarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözöňünde tutmak

seret göz

gözüňi tutmak

seret göz

  • Şol bir tam dyr çöregim, emdiren süýdüm gözüňi tutandyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

gyzzyrma tutmak

seret gyzzyrma1

  • Men şu gün ýaramak, agşam gyzzyrma tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ileri tutmak

seret ileri

kejine tutmak

seret keç

  • Aý, Hoşgeldi, sen hem kejine tutýarsyň. (A. Gowşudaw, Köpetdagyň eteginde)

oka tutmak

seret ok1

özüňi tutmak

seret öz1 1

  • Indi etjegimi bilerin, özümi tutaryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

özüňi ýokary tutmak

seret öz1

  • Biz Mommady halamazdyk, ol özüni bizden ýokary tutýardy ahyry. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

sözüň ýer tutmazlyk

seret söz

  • Işiň görünmezdi, ýer tutman sözüň, «Güzeran» diýip darasaň-da gurt kimin. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

tanap tutmak

seret tanap

ýaka tutmak

seret ýaka

  • Adam ölmese, her bir zady görjek ekeni! -- diýip, ýakasyny tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýas tutmak

seret ýas

  • Dul galan aýaly adamsynyň ýasyny tutmaga goýman, derrew satdylar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

ýüz tutmak

seret ýüz1

  • Näme habar bar? -- diýip, aňyrdan gelenleriň iň ýaşulusy hasaplap, Nepes aga ýüz tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Agitatorlar köne hormatly kolhozçylara ýüz tutdular. («Sowet Türkmenistany» gazeti)