tutdurmak işlik

  1. El bilen saklatmak, sakladyp duruzmak.

    • Ýüpüň bir ujundan ýoldaşyna tutdurdy.

  2. Bir zady biriniň eline bermek.

    • Ol dik duran ýerinden elini jübüsine sokup, oňa bir topbak güli tutdurdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Gelen dessime, kitabyny elime tutdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Türmä saldyrmak, basdyrmak, gabatmak.

    • Hanha, ol pis açan Gulman batyry agtaryp tapyp tutdurmak üçin ýörite Aşgabada gidipdir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  4. Bir tarapa çaltlyk bilen ylgap gitmek, ýöräp ugramak, ýüzüň ugruna gitmek.

    • Päheý, muňa seret, bileňokmy?! Elbetde, göni şol aýyrda tutdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  5. Iki zady biri-birine ýelmeşdirmek, berklemek.

    • Semawaryň gaçan otlugyny galaýy bilen tutdurdy.