tut

[tu:t]

Botanika Ýapragy ýüpek gurçuklaryna berilýän, böwürsleniň miwesi ýaly miwe berýän agaç.

  • Haýatyň ortasyndan geçýän suwly ýabyň gyralaryny bolsa igdedir tut agaçlary tutup otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Oglanlar tutlara çykyp, ýaprakly çybyk kesdiler. («Pioner» žurnaly)

  • Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tut - tudum, tuduň.

tut ýaly bolmak

Örän gurat, sagat, daýaw bolmak.

  • Inerim, örän ýagşy, şu gün edil tut ýaly sagaldym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Emma özün tut ýaly, Duýýar hormatly myhman. («Mydam Taýýar» gazeti)