tussag

  1. Gorag astynda saklanýan, azatlykdan mahrum edilen adam.

    • Ol bu sözleri diýdide, tussagyň ýanyna eli suwly stakanly ýakynlaşdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Jenaýatkärler saklanýan jaý, tussaghana.

    • Ýurtbasarlar işçileri horlaýarlar, Toplap-toplap tussaglara salýarlar. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Şol wagtda onuň uly dogany we uýasy Peterburgda tussagda saklanýardy. («Pioner» žurnaly)