turuzmak işlik

  1. Birini oturan ýerinden aýaga galdyrmak, dik duruzmak, ör boýuna galdyrmak.

  2. Ukudan oýatmak.

    • Mugallym ony ýerinden turuzdy. Bar, onda Orazy turzup goýber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem turuzmak - turzar, turzupdyr.

goh turuzmak

seret goh

gopgun turuzmak

seret gopgun

  • Arada, ýygnakda doklad etmeli bolamda, uly gopgun turuzdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Biz bu ýerde baýaky daýzamyzyň geçen ýyllardaky turzan gopgunlary hakynda gürrüň açjak. («Tokmak» žurnaly)

topalaň turuzmak

seret topalaň

tozan turuzmak

seret tozan