turmak işlik

  1. Ýeriňden galmak, ör boýuňa durmak, aýak üstüne galmak.

    • Keselliler düşeklerinden turmasyz edilipdir. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Ukudan oýanmak.

    • Ogly, gyzy heniz hem turmandyrlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Giç ýat-da, ir tur, alty pişegi artyk ur. (nakyl)

  3. Başlamak, göterilmek.

    • Deňizde gaý turdy. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Birden howa bulaşyp, güýçli ýel turdy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem turmak - turdum, turduň, turupdyr.

tur-otur, kersen getir etmek

seret kersen

  • Men onuň tur-otur, kersen getiri boldum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýürekden turmak

seret ýürek 1

  • Her bir milletiň halk sungaty adamlaryň ýüreginden turmak üçin hemişe ýel tapýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • turaly
  • turalyň
  • turan
  • turana
  • turanam
  • turanda
  • turandan
  • turandygy
  • turandygyny
  • turandyr
  • turanlar
  • turanlarynda
  • turanlaryndan
  • turanlaryny
  • turanlaryň
  • turanlygy
  • turanmyş
  • turanok
  • turansoň
  • turany
  • turanym
  • turanymda
  • turanymdan
  • turanymyzda
  • turanyna
  • turanynda
  • turanyndan
  • turanyny
  • turanyň
  • turanyňda
  • turanyňyzda
  • turar
  • turar-da
  • turara
  • turardy
  • turardylar
  • turarlar
  • turarly
  • turarsyň
  • turaryma
  • turaryn
  • turaryna
  • turasy
  • turasym
  • turaý
  • turaýdy
  • turaýjak
  • turaýmagyndan
  • turaýmagynyň
  • turaýsa
  • turaýsaň
  • turaýyn
  • turaýýar
  • turdam
  • turdugym
  • turduk
  • turdular
  • turdum
  • turdum-da
  • turdumy
  • turdur
  • turduň
  • turduňmy
  • turduňyzmy
  • turdy
  • turdy-da
  • turgun
  • turjagy
  • turjagyny
  • turjak
  • turjakdygyndan
  • turjakdygyny
  • turjakka
  • turma
  • turmady
  • turmadyk
  • turmadylar
  • turmadym
  • turmadyňmy
  • turmaga
  • turmaga-da
  • turmagy
  • turmagymy
  • turmagyna
  • turmagynda
  • turmagyndan
  • turmagyny
  • turmagynyň
  • turmagyň
  • turmajak
  • turmajakdygyny
  • turmak
  • turmakdan
  • turmakdyr
  • turmaklaryna
  • turmakçy
  • turmaly
  • turmalydy
  • turmalydygy
  • turmalydygymy
  • turmalydyr
  • turman
  • turmanam
  • turmandy
  • turmandygyny
  • turmandyr
  • turmandyrlar
  • turmansoň
  • turmany
  • turmanym
  • turmaryn
  • turmasa
  • turmasa-da
  • turmasaň
  • turmasaňam
  • turmasy
  • turmasyny
  • turmaz
  • turmazdan
  • turmazdy
  • turmazlyk
  • turmazmy
  • turmazyndan
  • turmazynyň
  • turmaýan
  • turmaýar
  • turmaň
  • tursa
  • tursa-da
  • tursak
  • tursalar
  • tursam
  • tursana
  • tursaň
  • tursun
  • tursunmy
  • turubam
  • turup
  • turupdy
  • turupdyr
  • turupdyr-da
  • turupdyrlar
  • turupsyň
  • turuň
  • turýan
  • turýandygyny
  • turýanlygyny
  • turýany
  • turýanyna
  • turýanyndan
  • turýanyny
  • turýar
  • turýar-da
  • turýardy
  • turýardylar
  • turýarlar
  • turýarmy
  • turýarmyka
  • turýaryn
  • turýarys