turşatmak işlik

Ajadyp turşy etmek, ajatmak.

  • Bromy turşatmak işi uzaga çekýärdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem turşatmak - turşadýar, turşadar, turşadypdyr.

ýüz turşatmak

seret ýüz1

  • Ol gaty gaharlanyp, elindäki açaryny aýlap ýere urdy-da, ýüzüni turşadyp aşak oturdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)