tumşuk

  1. Haýwan kellesiniň burun, agyz ýerleşen bölegi.

    • Men ony garbap aldym-da, aýynyň tumşugyna dürtdüm. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Göçme manyda Ýüz (adam hakda).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tumşuk - tumşugy.

tumşugyňy ýokary tutmak

Özüňi hondan bärsi, ulumsy tutmak.

  • Tumşugyny ýokary tutup, naharhananyň potologyny gözden geçirdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • tumşuga
  • tumşugy
  • tumşugyma
  • tumşugymy
  • tumşugymyň
  • tumşugyna
  • tumşugynda
  • tumşugyndan
  • tumşugyny
  • tumşugynyň
  • tumşugyňa
  • tumşuklar
  • tumşuklary
  • tumşuklarynda
  • tumşuklaryny
  • tumşukly
  • tumşukmy