tozan

Howada ýa-da bir zadyň üstünde ýygnanan ownujak çaň, toz.

  • Güýçli şemal çagyl gatyşyk çäge tozanyny onuň üstüne sowurdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Indi ol köçeden burum-burum tozan asmana galýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

buz üstünde tozan aramak

Bahana gözlemek, biderek zady bahana edip iňirdemek, sebäpsiz yrsaramak.

tozan turuzmak

Galmagal, jenjel etmek.

tozana garmak

Öňe geçip, tozanyň içinde goýmak, tozana basdyrmak.