torgaý tor‧gaý

Zoologiýa Seçeler otrýadyndan bolan, çyrlaga meňzeş, üpüklije saýraýan guş.

  • Boz meýdanda torgaýlar jyz-jyz edip saýraşýar. (Ata Köpek Mergen, Saýlanan eserler)

  • Onuň göwnüne bolmasa, torgaýlar-da sazyň sesi bilen saýraýan ýaly duýulýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • torgaýa
  • torgaýda
  • torgaýdan
  • torgaýlar
  • torgaýlar-da
  • torgaýlaram
  • torgaýlary
  • torgaýlarynyň
  • torgaýlaryň
  • torgaýlylar
  • torgaýy
  • torgaýyň
  • torgaýça