toprak

  1. Ýeriň üstki gatlaryny emele getirýän massa, topur.

    • Zyýanly duzlaryň toprakda artykmaç saklanmagy pagtaçylyga ägirt uly zyýan ýetirýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Biziň topragymyz altyna barabar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Ýer, ýurt.

    • Bu meniň Watanymdyr, meniň mähriban topragymdyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem toprak - topragy.