topbak

Adamlaryň, haýwanlaryň ýa-da predmetleriň bir ýere üýşen üýşmegi, topar.

  • Adamlar hem atlaryň gelýän ugruna baka topbagy bilen öňe süýşmäge başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem topbak - topbagy.


Duş gelýän formalary
  • topbaga
  • topbagy
  • topbagymyz
  • topbagyna
  • topbagyň
  • topbakda
  • topbakdan
  • topbakdy
  • topbakdylar
  • topbaklar
  • topbaklarynda
  • topbaklaryny
  • topbaklarynyň
  • topbaklaýyn
  • topbakly
  • topbaklygy
  • topbaklygyna