top1

  1. Maýyşgak materialdan, rezinden edilýän ýa-da içine ýel berlip oýnalýan pökgi.

    • Oýny alyp baryjy taýaklaryň ýanyndaky duran. Iki oýunçynyň her haýsyna bir top berýär. («Mydam Taýýar» gazeti)

  2. Belli bir mukdarda jemlenip, daşy daňlan bölek, üýşmek.

    • Oraz maňa bir top kagyz berdi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem top - topum, topuň.

top2

Harby termin Ýapgyt traýektoriýa boýunça ot açýan, ýogyn uzyn nilli artilleriýa ýaragy.

  • Ak garyň üstünde gyrmyzy gan seçelenýärdi, ok çabga ýaly ýagýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem top - topum, topuň.

top urmak

Ýalan sözlemek, aldamak, çypdyrmak.