togtatmak tog‧tat‧mak işlik

Aýak çekdirmek, duruzmak, saklamak, ýatyrmak.

  • Gyş düşdi -- diýip işi togtadaýmaň! («Pioner» žurnaly)

  • Bir hepdeden soň ýagan gar gyzgalaňly barýan işi wagtlaýynça togtatdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem togtatmak - togtadýar, togtadar, togtadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • togtadan
  • togtadanda
  • togtadandan
  • togtadandygy
  • togtadandygyny
  • togtadandyklary
  • togtadanlygy
  • togtadansoň
  • togtadar
  • togtadarys
  • togtadaýyn
  • togtadyp
  • togtadypdy
  • togtadypdyr
  • togtadyň
  • togtadýan
  • togtadýandygyny
  • togtadýandyklaryny
  • togtadýanlygy
  • togtadýar
  • togtadýardylar
  • togtatdy
  • togtatdylar
  • togtatjak
  • togtatjakdygyna
  • togtatjakdygyny
  • togtatma
  • togtatmadyk
  • togtatmaga
  • togtatmagy
  • togtatmagynda
  • togtatmagynyň
  • togtatmagyň
  • togtatmak
  • togtatmakdyr
  • togtatmaklary
  • togtatmaly
  • togtatmalymy
  • togtatman
  • togtatmandyr
  • togtatmasy
  • togtatmazdan
  • togtatmazlygyňyzy
  • togtatmaýar
  • togtatsa
  • togtatsaň