Käbir ösümlikleriň miwelerinden gaýnadylyp alynýan goýy önüm.
Kiçiräk ak jama ak ýag çykardy-da, peçiň üstünde goýup eretdi, onuň üstüne-de toşap guýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Toşap akýar ýanlygyňy çöşeňde, Hezil berýär sary ýaga goşaňda. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem toşap - toşaby.