tirkemek işlik

  1. Bir zadyň yzyna berkitmek, goşmak.

    • Biz siziň alyp gitjek sostawyňyza ýene bir näçe wagon tirkemekçidik. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Yzyna düşürip ýörmek, ýanyň bilen alyp gitmek ýa-da gelmek.

    • Komandir özüniň ýigitlerini yzyna tirkäp ugrady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Begenç Çary bilen Potdyny yzyna tirkäp geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • tirkedi
  • tirkedi-de
  • tirkediler
  • tirkedim-de
  • tirkediň
  • tirkeme
  • tirkemegi
  • tirkemegini
  • tirkemek
  • tirkemekden
  • tirkemekçidik
  • tirkeseňem
  • tirkän
  • tirkändir
  • tirkäp
  • tirkäpdi
  • tirkäpdir
  • tirkäpsiň
  • tirkärdiler
  • tirkärin