tirkeşmek işlik

  1. Biri-biriň yzyň bilen ýöremek, bile ýöremek, bile gitmek.

    • Topar tutup, tirkeşip, çykýarlar iş jaýyndan. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

    • Ikisi tirkeşip öýlerine ugradylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Dost bolmak, dostluk aragatnaşygyny saklamak.

    • Biziň gyzymyz özümiziň niýetläň oglanymyz bilen tirkeşýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • tirkeşdi
  • tirkeşdigiçe
  • tirkeşdik-de
  • tirkeşdiler
  • tirkeşdim
  • tirkeşdiň
  • tirkeşen
  • tirkeşende
  • tirkeşendigini
  • tirkeşenem
  • tirkeşenlerimiň
  • tirkeşenlerinden
  • tirkeşer
  • tirkeşerdi
  • tirkeşip
  • tirkeşipdirler
  • tirkeşipjik
  • tirkeşiň
  • tirkeşjek
  • tirkeşme
  • tirkeşmediňiz
  • tirkeşmegi
  • tirkeşmeginden
  • tirkeşmek
  • tirkeşmeklik
  • tirkeşmeli
  • tirkeşmesini
  • tirkeşmezligi
  • tirkeşmän
  • tirkeşseň
  • tirkeşýän
  • tirkeşýändigi
  • tirkeşýär
  • tirkeşýärler