tikilmek işlik

Tikin bilen berkidilip taýýarlanmak, sapakly iňňe bilen berkidilip, belli bir forma getirilmek.

  • Ýüzüne tikilen ýazgysy-da oň, «Gahryman bol» diýen ikije sözdi. (R. Seýidow, Eserler)

  • Esgiden tikilip, sapak bilen küýzäniň gulpuna daňlan dykysyny açdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • tikildi
  • tikilen
  • tikilende
  • tikilenden
  • tikilendi
  • tikilendiginden
  • tikilendir
  • tikilene
  • tikilenlere
  • tikilip
  • tikilipdir
  • tikiljek
  • tikilmegi
  • tikilmeginden
  • tikilmegine
  • tikilmek
  • tikilmeli
  • tikilmelidir
  • tikilmezligine
  • tikilmäge
  • tikilmän
  • tikilmändir
  • tikilýän
  • tikilýändigi
  • tikilýändir
  • tikilýänligi
  • tikilýär