terjimeçi at

Bir dilden başga dile terjime etmek işi boýunça spesialist, terjime etmek bilen meşgullanýan adam.

  • Uruşdan öňki ýyllarda diňe terjimeçi hökmünde tanalýan Hajy Ysmaýylow hem uruş döwründe çeper ýazylan hekaýalary bilen özüni okyjylar köpçüligine tanatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Olar deňizçilere terjimeçiniň üsti bilen aýtdylar. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • terjimeçiden
  • terjimeçidigi
  • terjimeçiler
  • terjimeçilere
  • terjimeçileri
  • terjimeçileriniň
  • terjimeçileriň
  • terjimeçilige
  • terjimeçiligiň
  • terjimeçilik
  • terjimeçiniň
  • terjimeçisi
  • terjimeçisine
  • terjimeçisini
  • terjimeçisiniň
  • terjimeçisiz
  • terjimeçiň
  • terjimeçä